DÜNÝÄ

Aktau şäherinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan çäre gurnaldy

2025-nji ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherindäki Konsullygynyň binasynda «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» mynasybetli dabaraly çäre geçirildi.

Onuň dowamynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilmeginiň ähmiýeti hem-de ondan gelip çykýan ugurlar barada bellenilip geçildi.

Maslahatda Türkmenistanyň konsuly M.Abdyllaýew öz çykyşynda Türkmenistanyň işjeň daşary syýasy ugrunyň hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň öňe sürýän döredijilikli başlangyçlarynyň dünýä giňişliginde uly goldawa eýe bolýandygy barada bellemek bilen birlikde, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» hem-de «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly kararnamalaryň kabul edilmegi barada belledi.

Bitarap Türkmenistanyň dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, döwletleriň we halklaryň arasyndaky özara düşünişmegi, dostlukly, ynanyşykly gatnaşyklary we netijeli hyzmatdaşlygy, berkitmäge hem-de Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge saldamly goşant goşýandygy nygtady.

Maslahata Gazagystanyň Mangistau welaýatynyň çäginde ýaşaýan türkmen diasporasynyň wekilleri, Aktau şäherinde ýerleşýän  Ş.Ýesenow adyndaky inženerçilik we tehnologiýa döwlet uniwersitetinde bilim alýan talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Maslahatyň çäginde ýurdumyzyň milli gymmatlyklarymyzy açyp görkezýän surat eserleriniň sergisi guraldy. Türkmen halkynyň el işleri, şaý-sepler we dokma önümleriniň surat sergisi dabara gatnaşyjylaryň ünsüni özüne çekdi. Soňra Türkmenistanyň konsuly M.Abdyllaýew maslahata we sergä gatnaşyjylara öz minnetdarlygyny bildirdi.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylara Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy barada gürrüň berýän wideoşekiller görkezildi.

Ýene-de okaň

Özbegistanyň Prezidenti ABŞ-a sapara barýar

Türkmen-eýran gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistan bilen Tailand: migrasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Gazagystanda okuw maslahatyna gatnaşdy

Täjigistanda ýylyň şygaryna bagyşlanan dabara geçirildi

Ata Watan Eserleri

Köneürgenç etraby 2025-nji ýylyň jemleri boýunça iň gowy etrap diýlip yglan edildi