Gazagystan Respublikasy halkara işewürçilik jemgyýetini çekmek üçin täze düzgün girizdi. Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň başlangyjy bilen ýurda daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegi güýçlendirmek we uzak möhletleýin işewür hyzmatdaşlygy goldamak maksady bilen maýa goýujy wizasyny almak üçin täze düzgünler tassyklandy.
“Täze düzgünlere laýyklykda Gazagystanyň ygtyýarly kompaniýalaryna ýa-da ýerli gymmatly kagyzlara azyndan 300 müň ABŞ dollary möçberinde maýa goýan daşary ýurt raýatlary “maýadar” wizasy üçin elektron arza berip biler” -diýlip, bellenilýär.
Bu “altyn” wiza, soňlugy bilen Gazagystan Respublikasynda 10 ýyla çenli ýaşamak üçin rugsatnama almaga mümkinçilik berýär.
Halkara tejribesinde (Ýewropa ýurtlarynda, ABŞ-da, BAE-de we Singapurda) giňden ýaýran şeýle wiza maksatnamalary maýa, tehnologiýa we işewürlik çekmek üçin täsirli guraldygyny subut etdi. Gazagystan öz maýa goýum modelini hödürlemek bilen bu çemeleşmä goşulýar.
