JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň logistika we üpjünçilik ulgamynyň mümkinçliklerini ulanmagy teklip etdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Astanada geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) 10-njy Sammitindäki çykyşynda TDG-niň ýurtlaryna Türkmenistanyň logistika we üpjünçilik ulgamynyň mümkinçliklerini ulanmagy teklip etdi.

«Häzirki ählumumy durnuksyzlyk ýagdaýynda döwletlerimiziň arasynda we olaryň çäklerinden daşarda giňden ýaýran hem-de döwrebap ulag-üstaşyr we logistika ulgamyny döretmek wezipesi baş meseleleriň biri bolup durýar» diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň belleýşi ýaly, bu ugurda Türkmenistan soňky ýyllarda Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän birnäçe iri üpjünçilik ulgamynyň taslamalaryny öňe sürdi we olara Türki Döwletleriň Guramasyna girýän ýurtlar hem işjeň gatnaşýarlar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri 2017-nji ýylda Aşgabatda gol çekilen degişli ylalaşyga laýyklykda, Owganystan – Türkmenistan – Azerbaýjan – Gruziýa – Türkiýe ugry boýunça ulag geçelgesi döredilendigini we häzirki wagtda bu ulag ýoluny doly güýjünde işe girizmek babatda tagalla edilýändigini ýatlatdy.

Halk Maslahatynyň Başlygynyň aýdyşy ýaly, häzirki döwürde Gyrgyzystan – Özbegistan – Türkmenistan ugry boýunça Hazar deňzine çykjak, soňra bolsa, Azerbaýjana we Türkiýä uzaljak ulag geçelgesini döretmek babatda hem işler alnyp barylýar.

Gahryman Arkadagymyzyň pikirine görä, ýokarda görkezilen käbir mysallar türki döwletleriň gatnaşmagynda döredilýän transhazar ulag geçelgeleriniň zerurlygyny we netijeliligini aýdyň görkezýär.

«Şunuň bilen baglylykda, ulag-üstaşyr gatnawlaryny işjeňleşdirmek üçin Türkmenistanyň logistika we üpjünçilik ulgamynyň mümkinçliklerini ulanmagy teklip edýärin» diýip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýratyn belledi.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri Beýik Britaniýada saparda bolýar

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Hökümet Baştutanlary bilen duşuşar

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Ýaponiýada Türkmenistan üçin talyp haklary mümkinçiliklerini giňeltmek maslahatlaşyldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Kazanda möhüm başlangyçlary öňe sürdi

Aşgabat 2028-nji ýylda yslam dünýäsiniň medeni paýtagty bolup biler