DÜNÝÄ

Aşgabatda Merkezi Aziýanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

28-nji aprelde Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi. Ol Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlandy.

Duşuşygy Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen Halkara Zähmet Guramasynyň Zähmetkeşleriň işleri boýunça Edarasy bilelikde gurady. Onuň maksady Türkmenistanyň Hökümeti bilen Halkara Zähmet Guramasynyň hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmekden ybarat boldy.

Paýtagtymyzdaky «Arçabil» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda bolan duşuşyga ýurdumyzyň kärdeşler arkalaşyklarynyň hünärmenlerinden başga-da, goňşy döwletlerden gelen myhmanlaryň birnäçesi gatnaşdy.

Çykyşlarda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatda hoşniýetli, özara bähbitli ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga, abraýly halkara guramalar, aýratyn-da, Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen düzümi bolan Halkara Zähmet Guramasy bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge ähmiýet berýändigi barada bellenildi. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen Halkara Zähmet Guramasynyň hyzmatdaşlygynyň ysnyşykly häsiýete eýedigi barada aýdyldy.

Günüň ikinji ýarymynda duşuşyklar «Bitaraplyk ýörelgeleri: häzirki zaman tejribesi we hyzmatdaşlyk» hem-de «Kärdeşler arkalaşyklarynyň işgärleriň hukuklaryny goramakda tutýan orny» atly bölümçeler boýunça dowam etdi.

Ýene-de okaň

Aşgabat-Seul: konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi

Türkmenistan Ýaponiýanyň gadymy paýtagty bolan Nara şäheri bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Koreýada türkmen talyplary bilen duşuşdy

Türkmenistan we Koreýa özara syýahaty ýönekeýleşdirmegiň mümkinçiligini maslahatlaşdylar

Ata Watan Eserleri

Parižde Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň medeni-sazly agşamy geçirildi

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi