DÜNÝÄ

«Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» – Meleguş

Asylly däbe görä, 26-njy aprelde Türkmen bedewiniň milli baýramynyň giň gerim alýan günlerinde «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň açyk manežinde döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň döwlet tapgyry guraldy.

Dabaranyň dowamynda hormatly Prezidentimize çuňňur hormatyň nyşany hökmünde welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň ýaşaýjylarynyň hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň adyndan ajaýyp ahalteke atlary sowgat berildi.

Ahalteke bedewleriniň gadymy mekanynda geçirilen bäsleşige paýtagtymyzyň, Arkadag şäheriniň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň iň saýlama bedewleriniň 10-sy gatnaşdy. Bäsleşigiň şertine görä, gyzdan gylykly, ýelden ýüwrük, gülden görkli, gamyşgulak bedewler ilki tebigy gözelligi, soňra milli senetçilik önümleri bilen bezelen görnüşde dabara gatnaşyjy tomaşaçylaryň we emin agzalaryň öňünden geçirildi. Bir-birinden görkana bedewleriň sazlaşykly hereketleri tomaşaçylaryň göwünlerini galkyndyrdy.

Emin agzalarynyň gelen netijesine laýyklykda, hususy atşynas Batyr Annalyýewe degişli Meleguş atly mele at halkara gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi diýlip yglan edildi. Görkana bedewiň seýsine dabaraly ýagdaýda göçme kubok, diplom hem-de hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýy — «Toyota Camry» kysymly ýeňil awtoulagyň açary gowşuryldy.

Ýene-de okaň

BMG-niň üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy

Özbegistanyň Senatynyň Başlygy Awaza geldi

Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň Başlygy Awaza geldi

Ata Watan Eserleri

Malawi Respublikasynyň wekiliýetiniň toparlary Awaza gelip başlady

BMG-niň Baş sekretary Guterriş Gazagystanda

Zambiýa we Angolanyň wekiliýetleri Türkmenbaşa gelerler