SPORT

Azerbaýjanly emin Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Azerbaýjanyň Küşt federasiýasynyň wise-prezidenti Faig Gasanow Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. 85 ýaşyndaky hünärmen iň köp iş stažly emin hökmünde rekordyň eýesi boldy.

Munuň üçin gurnalan dabara Azerbaýjanyň ýaşlar we sport ministri Farid Gaibow, Azerbaýjanyň Küşt federasiýasynyň prezidenti Mahir Mamedow, Halkara Küşt Federasiýasynyň ozalky ýolbaşçysy Kirsan Ilýumžinow, Gruziýa Küşt federasiýasynyň ýolbaşçysy Akakiý Iaşwili, bäş gezke dünýä çempiony, meşhur  zenan küştçi Nona Gaprindaşwili we beýlekiler gatnaşdylar.

Ginnesiň rekordlar kitabynyň hünärmeni Şeýda Subaşi azerbaýjanly eminiň uzak wagtlap küşt emini bolup işländiginiň hasaba alnyp, oňa degişli güwänamanyň gowşurylýandygyny habar berdi.

Faig Gasamow 60 ýyl 149 gün dürli küşt ýaryşlarynda eminlik etdi.

Related posts

Neýmar 100 million ýewrodan ýüz öwürdi

Tennisiň ägirtleri belli boldy

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempionatynda 2-nji tapgyr tamamlandy