DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Parlamentara Bileleşigiň Prezidenti bilen duşuşygy geçirildi

Parlamentara Bileleşigiň 150-nji ýubileý Assambleýasyna gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasyna amala aşyrýan iş saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Parlamentara Bileleşigiň Prezidenti Tulia Akson bilen duşuşygy geçirildi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Parlamentara Bileleşigiň ýolbaşçy düzümini ýurdumyzyň parahatsöýüjilikli ynsanperwer içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryp, Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen 2025-nji Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bellenilýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ykrar edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda geçiriljek halkara çärelere, şol sanda parlament çärelerine gatnaşmaga çagyrdy.

Parlamentara Bileleşigiň Prezidenti öz gezeginde Türkmenistanyň halkara giňişliginde alyp barýan işjeň hyzmatdaşlygyna ýokary baha berip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge hem-de bilelikdäki çäreleri geçirmäge uly gyzyklanma bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda Parlamentara Bileleşigi tarapyndan geçirilýän mejlisleriň, bu gurama agza parlamentleriň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge, parlament işinde tejribe alyşmaga, döwrüň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmakda netijeli meýdança bolup durýandygy bellenildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti «Köppolýarlylyk döwri: ugurlaryň köplügi, bir geljek» atly Dubrownik forumyna gatnaşdy

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy Türkmenistanda saparda bolar

Türkmenistanyň Mejlisinde Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşyk geçirildi

Ankarada Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň we Bütindünýä gümrük guramasynyň wekilleri Brýusselde duşuşdy

Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary