SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

66 ýaşynda 10-njy çagasyny dünýä inderdi

Germaniýanyň Berlin şäheriniň ýaşaýjysy 66 ýaşynda 10-njy çagasyny dünýä inderdi. Bu barada “Bild” neşiri habar berýär.

Aleksandra Hildebrandt muzeýiň direktory bolup işleýär we geçen hepde 10-njy çagasyny dünýä inderdi. Filipp adyndaky bäbegiň agramy 3550 gam, boýy 50 santimetrdir.

Aleksandra ilkinji gezek 21 ýaşynda eje bolupdy. Onuň 8 çagasy 53 ýaşynda soňra dünýä indi. Olar 12 ýaşyndaky ekizler Elizabet we Maksimilian, 10 ýaşyndaky Aleksandr, 8-nji ýaşyndaky Leopold, 7 ýaşyndaky Anna, 4 ýaşyndaky Mariýa we 2 ýaşyndaky Katarinadyr.

Bu aýalyş uly çagalary 45 ýaşyndaky Swetlana lukman, 36 ýaşyndaky Artem diplomatdyr.

Lukmanlar ýaşyna garamazdan, Aleksandra Hildebrandtyň fiziki ýagdaýynyň gowudygy belleýärler.

Ýöne german zenany uly ýaşda çaga dünýä indermek rekordynyň eýesi däldir. Mundan ozal, 2019-njy ýylda Hindistanyň ýaşaýjysy Erramatti Mangamma 74 ýaşynda çagasyny dünýä inderipdi.

Ýene-de okaň

“Air Belgium” Aşgabat arkaly ýük awiagatnawlaryny ýola goýmaga taýýarlanýar

Aşgabatda ekologiýa we durnukly ösüşe bagyşlanan eko-festiwal geçiriler

Türkmenistanda enäniň we çaganyň saglygy boýunça 5 ýyllyk maksatnama tassyklandy

5 aýda Özbegistana 5 milliondan gowrak syýahatçy geldi

Eýran howa giňişligini doly açdy

Türkmenistanyň syýahatçylyk kärhanalary Seul halkara syýahatçylyk sergisine gatnaşdy