JEMGYÝET

Türkmenistanyň wekiliýeti Duşanbedäki Halkara zergärçilik sergisine gatnaşýar

2025-nji ýylyň 24-26-njy marty aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleri we telekeçi agzalar Täjigistan Respublikasynyň paýtagty Duşanbe şäherinde geçirilýän “Oksyň hazynalarynyň gözbaşynda” atly Halkara zergärçilik sergisine hem-de forumyna gatnaşýarlar.

Bu halkara sergi we forum zergärçilik sungatynyň ösüşine, işewür gatnaşyklary giňeltmäge we täze hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini döretmäge gönükdirilendir. Türkmen wekiliýeti sergide milli zergärçilik sungatynyň özboluşly nusgalaryny, nepislik bilen ýasalan şaý-sepleri we gadymy nagyşlary bilen tapawutlanýan bezeg önümlerini tanyşdyrýarlar.

    Serginiň çäklerinde türkmen telekeçileri dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen hünärmenler bilen duşuşyk geçirip, bilelikdäki taslamalar we eksport mümkinçilikleri barada pikir alşarlar. Bu çäre türkmen zergärçilik sungatyny halkara derejesinde tanatmak hem-de täze işewür hyzmatdaşlyklary ýola goýmak üçin möhüm ädim boldy.

Ýene-de okaň

Medeniýet we sungat işgärleriniň hünär baýramy bellendi

Azerbaýjanyň sowgat beren “Dostluk” atly gämisi Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna geldi

Maýsa Pardaýewa Gran-pri ýaryşynda ilkinji altyn medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Oguljahan Atabaýewa birnäçe möhüm duşuşyklary geçirdi

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna Arkadag şäherinde täze desgalar gurlar

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň gaznalary sergi gurar