DÜNÝÄ

22-nji martynda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek bellenildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek, şeýle hem “Türkmenistanda 2025-nji ýylda bag ekmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2025-nji ýylyň 7-nji fewralynda çykaran 1270-nji Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda 2025-nji ýylyň 22-nji martynda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek bellenildi.

Ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerine ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýokary derejede, guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Related posts

Gaýtadan dikeldilýän energiýalaryň artykmaçlyklary: durnukly geljege nazar

Türkmenistanyň we ABŞ-nyň ilçileriniň duşuşygy

Ata Watan Eserleri

Lýuksemburgda jemgyýetçilik ulaglary mugt

Ata Watan Eserleri