MEDENIÝET

Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy: Türkmenistanda «Gyz kasamy» çeper filmi surata düşürilýär

Türkmenistan döwletimizde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň giňden bellenilýän 2025-nji ýyl ýene-de bir şanly ýyllaryň biridir. Üstümizdäki ýylda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňşiň 80 ýyllygy giňden bellenilýär.

Şunuň bilen baglylykda, Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi bu baýramçylga bagyşlap, täze çeper film surata düşürýär. Ozal, Beýik Ýeňşe bagyşlap, “Gyzyl kürte” filmini goýan režissýor Sahysalyh Baýramow bu gezek “Gys kasamy” atly çeper filmine baýramçylyga ýetişdirmek ugrunda tagalla edýär.

Täze filmiň surata düşüriliş işleri işjeň ýagdaýda alnyp barylýar. Režissýor Sahysalyh Baýramow bu çeper filmi türkmen zenanlarynyň durmuşynda bolup geçen hakyky wakalar esasynda surata düşürýär.

Çeper filmde ýanýoldaşlaryny we öz ýakynlaryny 1940-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna iberen türkmen zenanlarynyň tyldaky durmuşa açylyp görkezilýär.

Filmde oba gyzynyň durmuşy wakalary suratlandyrylýar we döredijilik topary ýurdumyzyň Kerki, Saýat we Halaç etraplarynda bolup, şol ýerde surata düşürmek işlerini alyp bardylar.

Bu kinonyň surata düşüriliş işleriniň agramly bölegi Lebap welaýatynda geçýändigi üçin döredijilik işine Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň artistleri çekildi.

Filmiň baş gahrymanynyň keşbini teatryň sungat işgäri Aýna Rozyýewa janlandyrýar. Şeýle hem bu filmde özüniň ukyplaryny görkezmek maksady bilen Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary hem goşuldy.

Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi şu ýylyň maý aýynda bu çeper filmiň premýerasyny görkezmegi maksat edinýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda awgust aýynda geçiriljek esasy çäreler

«Gülüň owadan!» atly bäsleşigiň Balkan welaýat tapgyry üstünlikli geçirildi

Italiýada Türkmenistanyň arheologik üstünlikleriniň sergisi geçiriler

2026-njy ýylda Medeniýet hepdeligi Balkan welaýatynda geçiriler

«Pa­ra­hat­lyk aý­dy­my» at­ly tä­ze film tomaşaçylara hödürlendi

«Balkan Trip TV» teleýaýlymy türkmen zergärleriniň ussatlygy barada gepleşik taýýarlaýar