DÜNÝÄ

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyndan ýollanan çakylyk haty Ermenistan Respublikasynyň ýolbaşçylygyna gowşuryldy

Türkmenistanyň Ýerewandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi M.Aýazow Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan tarapyndan kabul edildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň dowamynda Prezident W.Haçaturýan Türkmenistan bilen Ermenistanyň uzak ýyllaryň dowamynda dostlukly, hoşniýetli gatnaşyklary alyp barýandygyny nygtady. Ol bilelikdäki işewür maslahatlaryň iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň pygtalandyrylmagyna ýardam edýändigini belledi.

Ilçi M.Aýazow şu ýylyň 18-nji martynda Aşgabat şäherinde Maýa goýum forumynyň geçirilýändigini we bu çärä Ermenistanyň degişli döwlet edaralarynyň ýolbaşçylarynyň çagyrylandygyny habar berdi, şeýle hem Ýerewan şäherinde geçiriljek Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ermeni Hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri barada gürrüň berdi.

Ilçi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň wekilçilikli forumyna türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Ermenistan Respublikasynyň Prezidentine çakylyk hatyny gowşurdy.

W.Haçaturýan Türkmenistanyň alyp barýan Bitaraplyk syýasatyny doly goldaýandygyny we dünýäde parahatçylygy üpjün etmekde Türkmenistan tarapyndan alnyp barylýan işlere ýokary baha berýändigini belledi. Ol çakylyk hatyny uly minnetdarlyk bilen kabul etdi we bu çärä ermeni tarapyndan ýokary derejedäki wekiliýetiň gatnaşjakdygyny mälim etdi.

Ýene-de okaň

Türki dünýäsiniň futbol diplomatiýasy

ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda halkara Nowruz baýramyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi

Seulda türkmen-koreý syýasy geňeşmeleri geçirildi

17-nji aprelde GDA-nyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçiriler

Aşgabat-Seul: konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi

Türkmenistan Ýaponiýanyň gadymy paýtagty bolan Nara şäheri bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär