SIZDEN GELENLER

Ynsan saglygy – uly baýlyk

Döwletimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini, köpçülikleýin bedenterbiýäni jemgyýetimiziň ähli ulgamlarynda giň gerimde ýaýbaňlandyrmak, sagdynlygyň, ruhubelentligiň gözbaşy bolan sporty ösdürmek babatda hormatly Prezidentimiziň edýän aladalary, durmuşa geçirýän işleri nusgalyk derejede bolup, ýurdumyzyň bagtyýar raýatlarynyň sagdyn we eşretli durmuşda ýaşamaklary, ýaş nesilleriň beden we ruhy taýdan sagdyn adamlar bolup ýetişmekleri hakyndaky meseleler döwletimiziň hemişe üns merkezinde durýar.

Ynsan saglygy, ony gorap saklamak meselesi adamzat durmuşynda hemişe möhüm ähmiýete eýe bolmagynda galýar. Hut şonuň üçinem adam, adamyň saglygy hakyndaky alada Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu günki gün durmuşa geçirilýän giň gerimli işleriň netijesinde ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda belent sepgitlere ýetilýär.

«Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, saglygy goraýyş ulgamy täze usullar esasynda kämilleşdirilýär, keselleriň ýaýramagyna garşy göreş çäreleri giňden ýaýbaňlandyrylýar, derman senagaty ösdürilýär, saglygy goraýyş edaralarynyň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligi ýokarlandyrylýar. Paýtagtymyzda halkara saglyk merkezleriniň, welaýat merkezlerinde, şeýle hem ilatly ýerlerde köpugurly hassahanalaryň, saglyk öýleriniň ulanmaga berilmegi bilen, bu gün halkymyz dünýä derejeli saglygy goraýyş hyzmatlaryndan peýdalanýar.

Olaryň hemmesinde häzirki zaman barlaglaryny geçirmek arkaly näsaglara lukmançylyk kömegini bermek üçin ähli mümkinçilikler bar. Şol esasdanam halkymyz eşretli zamananyň hözirini görüp ýaşaýar. Adam özi hakyndaky aladany duýup ýaşaýan mahaly bolsa durmuşa höwesi artýar, döredijilikli zähmet çekýär we üstünliklere ýetýär.

Ynsan saglygyny goramakda, ýurdumyzyň ilatynyň sagdyn ýaşamagyny gazanmakda arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek abadançylygyny üpjün etmek, dürli ýokanç keselleriň öňüni almak uly ähmiýete eýe bolup durýar. Biziň ýurdumyzda öňüni alyş sanjymlary Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan tassyklanan keselleriň öňüni alyş sanjymlarynyň tertibine laýyklykda geçirilýär. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) tarapyndan güwänamalaşdyrylan waksinalar satyn alynýar. Bu waksinalar bilen sanjymlar ilat köpçüliginiň arasynda döwlet serişdeleriniň hasabyna tölegsiz geçirilýär.

Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň dünýä derejesinde sagdynlygy we abadançylygy üpjün etmek, adamlaryň saglygyny, beden hem ruhy taýdan sazlaşykly ösüşini gazanmak, daşky gurşawyň arassalygyny gorap saklamak, saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek meselelerinde BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri bolan Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň, Çagalar gaznasynyň, Ilat gaznasynyň saglygy goraýyş, ilat we ösüş ugrundaky umumy strategiýalaryny goldaýandygy we olar bilen bilelikdäki taslamalardyr maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirip, bu ugurda möhüm başlangyçlary öňe sürýändigi bizde uly buýsanç duýgusyny döredýär.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwletiň iň gymmatly baýlygy bolan ynsan saglygyny goramak, jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, saglygy goraýyş edaralarynyň işini kämilleşdirmek babatda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Häzirki wagtda ulgamyň dünýä lukmançylygynyň öňdebaryjy gazananlary we tejribeli hünärmenler bilen üpjün edilmegi netijesinde raýatlaryň saglygynyň goraglylygyny güýçlendirmekde uly üstünlikler gazanyldy.

Ata-babalarymyzyň «Bar zadyň sakasy — saglyk», «Saglygym — begligim» ýaly pähimlerinden ugur alyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda güneşli Diýarymyzyň çar künjeginde köpçülikleýin sporty ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär, ilatyň giň gatlagyny bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaga çekmek, çagalar sportuny ösdürmek, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işler üstünlikli dowam etdirilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň jemgyýetiň saglygyny gazanmak bilen döwletiň binýadyny berkitmek babatda edýän aladalarynyň we bitirýän nusgalyk işleriniň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilmegi biz — saglygy goraýyş işgärlerinde uly buýsanç döredýär. Biz halkymyzyň saglygy, nesillerimiziň bagtyýar, asuda ýaşaýşy hakynda edýän hossarlyk aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza we mertebesi belent döwlet Baştutanymyza köp sagbolsun aýdýarys.

Güljahan Hojaýewa

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.

Ýene-de okaň

Okuwçylaryň işjeňligini artdyrmakda okatmagyň innowasion ugurlary

Irki ösüş – kämil nesil

Türkmenistan – dermanlyk ösümlikleriň mekany

Baş wezipämiz – ynsan saglygy

18-nji fewral – Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň güni

Türkmenistan – energetika döwleti