BILIM

Türkmenistan bilen Hytaý bilim ulgamynda talyp hakly ýerler boýunça hyzmatdaşlyk eder

Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasary A.Ataýew bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Gansu prowinsiýasynyň Daşary işler kanselýariýasynyň başlygynyň orunbasary, jenap Çžao Sýunyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň esasy maksady Hytaý Halk Respublikasynyň Gansu prowinsiýasy bilen bilim ulgamynda gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gönükdirilen teklipleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.

Jenap Çžao Sýun öz gezeginde Hytaý Halk Respublikasynyň Gansu prowinsiýasynyň ýokary okuw mekdepleri barada giňişleýin tanyşdyryp, olarda bilim alýan daşary ýurtly talyplara, şol sanda, türkmenistanly talyplara berilýän goldawlar barada habar berdi. Mundan başga-da, Gansu prowinsiýasyndaky Lanžou uniwersitetinde 2020-nji ýyldan bäri Türkmenistany öwreniş ylmy-barlag merkeziniň hereket edip gelýändigini hem-de Jiatong uniwersitetinde Türkmen medeniýeti boýunça merkeziniň bardygyny buýsanç bilen belläp geçdi.

Taraplar bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek maksady bilen birnäçe teklipleri ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, türkmen tarapyndan ileri garalýan hünärler esasynda talyp hakly ýerler boýunça hyzmatdaşlyk etmek, nebit-gaz, lukmançylyk, inžener-tehnologiýalar ugurlaryna ýöriteleşen ýokary okuw mekdepleriň arasynda netijeli gatnaşyklary ýola goýmak, hünär kämilleşdiriş maksatly bilelikde okuw maksatnamalaryny alyp barmak ýaly hyzmatdaşlygyň ugurlary esasy wezipeler hökmünde kesgitlenildi.

Agzalan teklipleri tapgyrlaýyn esasda ýerine ýetirmek üçin bilelikde “Ýol kartany” taýýarlamak hem-de geljekde “Tegelek stol” görnüşinde duşuşyklary guramak maksadalaýyk hasaplanyldy.

Ýene-de okaň

“Türkmenistanda agroinnowasiýa” atly ylmy-amaly elektron žurnaly dörediler

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekilleri CDIO 2026 halkara maslahatyna gatnaşýar

Bilim ministrliginde Yrak Respublikasynyň wekili bilen duşuşyk geçirildi

Türkmen okuwçylary Niderlandlarda geçirilen robototehnika ýaryşynda üstünlik gazandylar

Türkmenistan bilen Finlýandiýanyň instituty ähtnama gol çekişdi

Türkmenistan bilen Pakistan bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdylar