BILIM

Türkmen ýaşlary Indoneziýadaky Halkara ylym sergisine ylmy işleri bilen gatnaşýarlar

Türkmen wekiliýetiniň düzüminde Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyp ýaşlary gatnaşýarlar. Has takygy, şol ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Atamyrat Altyýewiñ ýolbaşçylygynda uniwersitetiñ 3-nji ýyl talyby Süleýmanmuhammet Şamuhammedow we uniwersitetiñ 2-nji ýyl talyby Aýmyrat Halnazarow Senagat galyndy materialyndan ýaşyl sement almagyñ ylmy esaslary atly ylmy iş bilen Türkmenistandan wekilçilik edýärler.

Ýaşlaryñ Halkara ylym sergi (YISF) bäsleşigi  jemgyýetçilik ylymlary, daşky gurşaw, ýaşaýyş ylymy, innowasion ylymlar we inženerçilik ýaly bäş ugur boýunça geçirilip 24 ýurtdan 446 topar gatnaşýar.

Bu Halkara bäsleşik Indoneziýanyň Ýaş alymlar assosiasiýasy tarapyndan guralyp, onuň çäklerinde dürli ulgamlara innowasiýalary ornaşdyrmagyň gelejegi maslahatlaşylýar, ylmyň we tehnologiýanyň gelejegine täsirini ýetirip biljek alymlaryň we inženerleriň ýeten üstünlikleri bilen tanyşdyrylýar. Halkara bäsleşik oňa gatnaşyjylar üçin ylmy işleri bilen tanyşdyrmak we bu ugurdaky halkara gatnaşyklaryny ösdürmek, şeýle-de bilim we innowasiýa ulgamynda hyzmatdaşlygy berkitmek üçin amatly meýdança bolar.

Dürli ýurtlardan gelen gatnaşyjylar durnukly ösüş, daşky gurşawy goramak we täze tehnologiýalaryň ösüşi ýaly global meseleleriň çözgüdine gönükdirlen innowasion ylmy işleri bilen tanyşarlar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Ylmy-barlag maldarçylyk we weterinariýa institutyny dörediler

Türkmen ýaşlarynyň Pakistanda talyp haky bilen bilim almak mümkinçiligi maslahatlaşyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasy magistr bilim maksatnamasy boýunça hyzmatdaşlyk eder

Koreýanyñ ilçihanasy talyp hakly magistrlik we doktorlyk maksatnamalaryna kabul edilşik barada yglan etdi

Türkmenistanda Germaniýadaky işewürlik-okuwlaryna dalaşgärleri saýlap alyş yglan edildi

Türkmenistanyň hususy pudagynyň ilkinji ýokary okuw mekdebi gurulýar