JEMGYÝET

Türkmenistanda zenanlara Halkara zenanlar güni mynasybetli pul sowgatlary gowşurylar

Türkmenistanda mart aýynyň 1—6 aralygynda aýal-gyzlara döwlet Baştutanynyň adyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli 60 manat möçberinde pul sowgatlary gowşurylar. Bu barada degişli Buýruga Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde gol çekdi. 

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň gol çeken resminamasyna laýyklykda, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli kärhanalarda, edaralarda, guramalarda işleýän aýal-gyzlara, pensiýa we döwlet kömek puluny alýan aýal-gyzlara, önümçilikden aýrylmak şerti bilen aspiranturada, doktoranturada we kliniki ordinaturada okaýan aýal-gyzlara, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň iki okuw ýylyndan az bolmadyk möhletli okuwlarynyň diňleýji aýal-gyzlaryna, talyp gelin-gyzlara, orta mekdeplerde okaýan we mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenilýän gyzlara 2025-nji ýylyň 1 — 6-njy marty aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli 60 (altmyş) manat möçberde pul sowgatlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmak bellenildi.

Related posts

«Altyn asyr» Türkmen köli Garagum sährasynda millionlarça gektar öri meýdanlaryny döreder

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda bahasy 36 milliard dollara golaý desgalar gurulýar

Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Türkmenistana geldi