SPORT

Luis Dias “Barselonada” oýnamak isleýär

Angliýanyň “Liwerpul” toparynyň kolumbiýaly hüjümçisi Luis Dias Ispaniýanyň “Barselona” toparynda oýnamaga isleg bildirýär. Sport neşirleriniň habar bermegine görä, kolumbiýaly futbolçy bu baradaky gyzyklanmasyny ispan toparynyň sport boýunça direktory Deko ýetirdi.

Bu transferiň möwsümiň ahyryndaky transfer döwründe amala aşmagy mümkin.

2022-nji ýyldan bäri Angliýanyň “Liwerpul” toparynda çykyş edýän Luis Dias şu möwsümde 35 duşuşykda 13 gezek tapawutlandy. Onuň iňlis topary bilen şertnamasy 2027-nji ýylda tamamlanýar.

Related posts

Torres “Barselona” bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşdy

Özbegistandaky çempionatda Braziliýa çempion boldy

Wepaly janköýerleri bolan toparlar

Ata Watan Eserleri