DÜNÝÄ

Robert Kennedi ABŞ-nyň saglyk ministri boldy

ABŞ-nyň prezidenti wezipesine dalaşgär bolup, soňra dalaşgärligini yzyna çeken Robert Kennedi-kiçisi ABŞ-nyň saglygy goraýyş we durmuş gulluklary ministri wezipesine bellendi. ABŞ-nyň Kongresiniň Senaty Kennediniň dalaşgärligini tassyklady.

ABŞ-nyň 35-nji Prezidenti Jon Kennediniň ýegeni Robert Kennedi-kiçisiniň saglyk ministrligi üçin dalaşgärligi tassyklamak işi geçirildi. Senatda Kennediniň dalaşgärligi üçin 52 senator goldap ses berdi.

Robert Kennedi-kiçisi 71 ýaşynda bolup, prezident saýlawlarynda garaşsyz dalaşgär boldy. Ýöne soňra dalaşgärligini yzyna çekip, Donald Trampy goldapdy.

Related posts

Dünya Sağlık Örgütü Kapsamında Tütün İle Mücadele

vepa

Türkmenistan we Azerbaýjan gümrük pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürýärler

Nemes kompaniýalary Türkmenistanyň halkara infrastruktura taslamalaryna gyzyklanma bildirýär