BIZNES

Türkmenistan-Gazagystan-Russiýa-Eýran: dörttaraplaýyn duşuşyk

Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Eýranyň demirýol edaralarynyň wekilleri Gazagystanyň Almaty şäherinde duşuşdylar we taraplar Demirgazyk-Günorta ugry boýunça ýük daşalmagynyň möçberini artdyrmak babatda pikir alyşdylar.

Almaty şäherinde 4 ýurduň – Türkmenistanyň “Türkmendemirýollary” agentliginiň, Gazagystanyň “Gazagystan temir žoly” agentliginiň, Russiýanyň “Rusdemirýollary” agentliginiň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň degişli edarasynyň wekilleriniň 2 günlük duşuşygy geçirildi.

Ara alyp maslahatlaşmagyň dowamynda Gazagystanyň çäginden Bolaşak serhet stansiýasyndan ýük daşamagyň netijeleri jemlendi. 2024-nji ýylda bu ugurdaky ýük gatnawynyň möçberi 1,6 million tonna ýük boldy.

Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesiniň özüne çekijiligini ýokarlandyrmak meselelerine aýratyn üns berildi. Duşuşykda Russiýanyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Eýranyň Bendar-Abbas portuna gatnaw üçin amatly nyrh şertleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň jemleri boýunça taraplar bu ugur boýunça ýük gatnawynyň möçberini artdyrmaga we özara hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

Duşuşygyň ahyrynda gazanylan şertnamalar barada teswirnama gol çekildi.

Ýene-de okaň

Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň mejlisi geçiriler

Türkmen-türk ykdysady hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Daşoguz şäherindäki pagta egriji fabrikde täze önümçilik işe giriziler

Türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

Türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi

Taryhy waka: «Aýdyň Gijeler» kompaniýasy Eswatini Patyşalygynda iki sany täze kärhanany gurýar