DÜNÝÄ

Azerbaýjanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň üçtaraplaýyn duşuşygy

Türkiýäniň paýtagty Ankara şäherinde Azerbaýjanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň daşary işler, söwda, ykdysadyýet we ulag ministrleriniň 2-nji üçtaraplaýyn duşuşygy geçirildi. Bu duşuşykda döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da ösdürmäge gönükdirilen ýol kartasynyň işlenip düzülmegi babatda ylalaşyldy.

Türkiýäniň daşary işler ministri Hakan Fidanyň, söwda ministri Ömer Bolatyň hem-de ulag ministri Abdulkadir Uraloglunyň başlyk etmeginde geçirilen duşuşyga Azerbaýjanyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramow, ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow, ulag ministri Raşad Nabiýew, şeýle hem Özbegistanyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidow, maýa goýumlar, senagat we söwda ministri Laziz Kudratow hem-de ulag ministri Ilham Mahkamow gatnaşdy.

Bu üçtaraplaýyn duşuşygyň gün tertibiniň daşary syýasat we sebit hyzmatdaşlygy, ykdysadyýet, söwda we maýa goýumlary, şeýle hem ulag we telekommunikasiýa pudagyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilendigi bellendi.

Bu formatdaky ilkinji duşuşygyň 2022-nji ýylyň 2-nji awgustynda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirilipdi.

Şeýle hem Azerbaýjanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň arasynda maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşyldy. Bu babatda 3 ýurduň işewür düzümleriniň hem gatnaşmagynda işewürler forumy geçirildi.

 

Ýene-de okaň

«Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy» birinji sammitine taýýarlyk mejlisi geçirildi

Malaýziýanyň Premýer-ministri Tatarystandan ozal Özbegistana bardy

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjan Respublikasynda geçirilen halkara maslahata gatnaşdy

Gazagystanyň Prezidenti ahalteke bedewleri bilen didarlaşdy

Türkmenistan ÝB we Merkezi Aziýanyň Owganystan boýunça duşuşygyna gatnaşdy

Şawkat Mirziýoýew Donald Trampy Özbegistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy