DÜNÝÄ

«Alawly türkmen» hususy kärhanasy täze ýaşaýyş jaýlaryny gurdy

Günbatar sebitiň merkezi Balkanabat şäherinde Balkan welaýat Polisiýa müdirliginiň düzümleriniň işgärleri üçin her biri 32 hojalyga niýetlenen 4 gatly täze ýaşaýyş jaýlarynyň ikisiniň ulanylmaga berildi.

Belentden tutulan dabara Halk Maslahatynyň agzalary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýaşuly nesliň wekilleri, welaýat Polisiýa müdirliginiň işgärleri, harby gullukçylar, talyp ýaşlar, ýerli ýaşaýjylar işjeň gatnaşdylar.

Ýokary hil ülňülerine laýyk gurlan bu ýaşaýyş jaýlary Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Alawly türkmen» hususy kärhanasynyň ussat gurluşykçylary bina etdiler. Onuň açylyş dabarasynyň dowamynda hem aýratyn tapawutlanan gurluşykçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Şeýle hem şu ýerde täze öýleriň eýelerine olaryň açarlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Dabara gatnaşyjylar täze ýaşaýyş jaýlarynyň öýleriniň otaglaryna aýlanyp gördüler. Olaryň durmuş maksatly enjamlar, owadan mebeller, beýleki döwrebap amatlyklar bilen üpjünçiligi hemmelerde hoşallyk duýgularyny döretdi. Ýaşuly nesliň wekilleri öý eýelerini: «Ýurt garşy alsyn! Baýramlaryňyz baýramlara, toýlaryňyz toýlara ulaşsyn!» diýip, tüýs ýürekden gyzgyn gutladylar. Şonuň ýaly-da döredilen döwrebap şertlerdir mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tükeniksiz alkyş, hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ilçihanasy Ploeşti şäherinde Aziýa medeniýet festiwaly

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň sebitleýin parahatçylyk zolaklary boýunça ýokary derejedäki duşuşygyna gatnaşdy

Donald Tramp dünýä klublary çempionatyň final duşuşygyna gatnaşar

Gazagystan Turgundy-Hyrat demirýol gurluşygyna maýa goýýar

Türkmenistanyň ilçisi Serbiýanyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň ministrleriniň telefon söhbetdeşligi