DÜNÝÄ

Interpol guramasy bilen hyzmatdaşlyk etmegiň ugurlary maslahatlaşyldy

Paýtagtymyzyň «Arçabil» myhmanhanasynda Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak boýunça Maksatnamanyň (BOMCA) çäklerinde “Halkara jenaýat polisiýasy guramasy (INTERPOL) bilen hyzmatdaşlyk etmek” atly okuw maslahaty geçirildi. Bu barada “migration.gov.tm” saýtynda habar berilýär.

Maslahata türkmen tarapyndan degişli döwlet edaralary bilen birlikde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri hem gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda INTERPOL guramasy bilen hyzmatdaşlyk etmek arkaly transmilli jenaýatlara garşy netijeli göreşmek meselelerine garaldy.

Şeýle hem maslahata gatnaşyjylar INTERPOL guramasy bilen hyzmatdaşlyk we bu halkara guramasy bilen bilelikde çäreleri gurnamak meseleleri boýunça hukuk, prosessual we tehniki çözgütler bilen bagly halkara tejribesi bilen tanyşdylar.

Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjylar geljekde Merkezi Aziýada Serhetleri dolandyrmak boýunça Maksatnamasy bilen özara gatnaşyklary giňeltmekde we işiň öňdebaryjy tejribelerini öwrenmekde şeýle okuw maslahatlaryny yzygiderli geçirmegiň ähmiýetiniň uludygyny bellediler.

Maslahat öz işini 2-nji marta çenli dowam eder.

Related posts

Azerbaýjanyň daşary işler ministri Türkmenistanyň wekiliýetini kabul etdi

Eýranda prezident saýlawlarynyň 2-nji tapgyry geçirilýär

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistanyň milli baýramyny gutlady

Leave a Comment