DÜNÝÄ

Eýranyň gümrük edarasynyň wekilleriniň Aşgabada iş sapary

2025-nji ýylyň 21-22-nji ýanwary aralygynda Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük edarasynyň wekiliýeti iş sapary bilen Aşgabat şäherine geldi. Saparyň maksady 28.08.2024 senesinde gol çekilen Meýilnamany ýerine ýetirmekden ybarat boldy. Bu barada Türkmenistanyň Gümrük gullugynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Wekiliýetiň iş sapary ikitaraplaýyn iş duşuşygyndan başlandy. Duşuşykda iki ýurduň Gümrük gulluklarynyň 2024-nji ýyldaky hyzmatdaşlygynyň netijeleri, Howdan-Bajgyran, Artyk-Lotfabad we Sarahs-Sarahs gümrük nokatlarynda özara hereketleriň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de, iki ýurduň arasyndaky ýük dolanyşygynyň möçberini artmagynyň mümkinçilikleri, gümrük gözegçiliginiň netijeliligi hem-de harytlar babatynda gümrük kadalarynyň bozulmalaryna garşy göreşiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşykda taraplar, Ygtyýarly ykdysady operatorlar babatynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, ýüze çykarylan kada bozulmalary barada maglumat alyşmak we iki tarapdaky daşary ykdysady işine gatnaşyjylar üçin gümrük kadalary barada okuw çärelerini geçirmek barada karar edildi.

Eýranly gümrükçileriň Aşgabada iş sapary Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkezine we Halkara gümrük terminalyna baryp görmek bilen tamamlandy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýaponiýanyň Dostluk alyş-çalşygy boýunça halkara geňeşi bilen hyzmatdaşlyk eder

Ata Watan Eserleri

Merkezi Aziýa-Russiýa zenanlar dialogyna taýýarlyk görlüp başlandy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Rumyniýa sanly ulgam boýunça hyzmatdaşlyk eder

Prezident Tramp : H-1B wiza maksatnamasy barada

Kerki etrabynda migrasiýa gullugynyň täze döwrebap edara binasy açyldy

Türkmenistan bilen Monako älem giňişligi boýunça hyzmatdaşlyk eder