TEHNOLOGIÝA

Elektrikli ulaglarynyň satuwy dünýäde 17,1 milliona ýetdi

2024-nji ýylda dünýäde elektrikli ulaglarynyň söwdasy 2023-nji ýyldakydan 25% köpelip, 17,1 milliona ýetdi.

Sebit derejesinde Ýewropada şeýle görnüşli ulaglaryň söwdasy 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende 3% azaldy we 3 milliona ýetdi. Beýik Britaniýa ýylyň ahyryna çenli 400000-den gowrak elektrikli ulagynyň satuwyny amala aşyryp, öňdeligi eýeledi. Germaniýada 2023-nji ýylyň ahyrynda elektrik ulaglaryna ýeňillikler ýatyrylansoň, 2024-nji ýylda ulaglaryň söwdasy pese gaçdy.

ABŞ-da we Kanadada elektrik ulaglary üçin salgyt ýeňillikleri sebäpli satuw 9% artyp, 1.8 milliona ýetdi.

Hytaýda söwda 40% artyp, 11 million elektrikli ulagyň satuwy amala aşyryldy we bu görkeziji tutuş dünýädäki satuwlaryň ýarysyndan gowragyny emele getirdi. BYD modelleri Hytaý bazarynda öňdebaryjy boldy.

Umuman aýdanyňda, dünýäniň beýleki sebitlerinde elektrikli awtoulaglaryň satuwy 2023-nji ýyldan 27 göterim artyp, 1,3 milliona ýetdi.

Ýene-de okaň

Gresiýa 15 ýaşa ýetmedik çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan eder

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Türkiýede 5G döwri başlady

Türkmenistanda 5G we 4G+ torlaryny ýaýbaňlandyrmak üçin bäsleşik yglan edildi