SPORT

PSŽ topary Fransiýanyň Superkubogyny gazandy

Fransiýanyň Super Kubogyna finalda “Monakony” ýeňen PSŽ mynasyp boldy. Kataryň paýtagty Dohadaky “Stadium 974”-de oýnalan duşuşykda çempion PSŽ wise-çempion “Monakony” 1-0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

39 müň 682 janköýeriň tomaşa eden duşuşygyndaky ýeke-täk goly 90+2-nji minutda Usman Dembele geçirdi. PSŽ topary bu kubogy bassyr 3-nji, soňky 13 ýylda 12-nji, umumylykda-da 13-nji gezek eýelemegi başardy. Soňky 13 ýylda diňe 2021-nji ýylda kubogy alyp bilmedik PSŽ bu ýaryşda ilkinji gezek 1995-nji ýylda ýeňiji bolupdy.

Soňkusy 25 ýyl öň bu kubogy 4 sapar gazanan (1961, 1985, 1997, 2000) “Monako” şonça gezegem ýeňildi (1960, 2017, 2018, 2024).

1949-njy ýyldan bäri geçirilýän Super Kubogy duşuşyklarynda iň köp PSŽ ýeňiş gazanyp, olar sanawyň başyny çekýär. 13 gezek kubogy alan PSŽ-den soň “Lion” 8 kubok bilen 2-nji ýerde barýar. “Reýms” bilen “Sent-Etien” toparlary-da 5 gezek ýeňiji boldy.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatyna Türkmenistandan üç boksçy gatnaşar

Türkmen türgenleri Fajr kubogyndan 16 medal gazandy

Messi Puşkaşyň dünýä rekordyny täzeledi

Messi karýerasynda 47-nji kubogyny gazandy

“FIFA 2026” dünýä çempionatyna ilkinji 2 million bilet satyldy

«Arkadag» topary “Andijan” bilen deňme-deň oýnady