DÜNÝÄ

TOPH gaz geçirijisi boýunça duşuşyk

Owganystanyň Kabul şäherinde magdan we nebit ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Hidaýatulla Badri bilen “TAPI Pipeline Company Limited” kompaniýasynyň baş müdiri Muhammetmyrat Amanow bilen duşuşdy. Bu barada owgan metbugaty habar berdi.

Duşuşykda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi boýunça soňky gazanylan üstünlikler, şeýle hem taslamanyň işleri çaltlandyrmak babatda pikir alyşdylar.

Owgan halky üçin täze iş ýerleriniň döredilmegine, şeýle hem taslama gatnaşýan owgan inženerleriniň hünärlerini ýokarlandyrmaga aýratyn üns berildi.

Geçen ýylyň dekabrynda Türkmenistan wekiliýeti Owganystanyň çäklerinde Serhetabat-Hyrat bölegindäki gurluşyk işleri bilen tanyşdylar.

“Arkadagyň ak ýoly” atly Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygyny dowam etdirmek 2025-nji ýylda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň iş meýilnamalarynda orun aldy. Bu hem Türkmenistanyň bu möhüm taslama uly ähmiýet berip, mundan beýläk-de ony durmuşa geçirmäge tagalla edýändigini görkezýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Ermenistanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy

Gyrgyzystan bilen Seýşel adalary wiza düzgünini ýatyrýan ylalaşyga gol çekdiler

Italiýanyň Premýer-ministriniň Azerbaýjana sapary

BMG-niň Türkmenistandaky wekili Azerbaýjana bellendi

Özbegistan Merkezi Aziýanyň bitewi syýahatçylyk halkasyny döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy