SPORT

Salah “Liwerpulda” soňky möwsümini geçirýär

Angliýanyň “Liwerpul” toparynyň müsürli hüjümçisi Mohamed Salah möwsümiň ahyrynda bu topardan gidýändigini mälim etdi. Bu barada “Sky Sports” neşiri habar berýär.

– “Liwerpul” topary bilen Angliýanyň çempiony bolmagy isleýärin. Bu meniň topardaky soňky ýylym, şonuň üçin bu şäher üçin aýratyn bir zat etmek isleýärin – diýip, Salah belledi.

32 ýaşyndaky müsürli futbolçy täze şertnama boýunça topary bilen hiç hili öňegidişligiň gazanylmandygyny belledi. Onuň häzirki şertnamasy 2025-nji ýylyň tomsunda tamamlanýar.

2017-nji ýyldan bäri “Liwerpulda” çykyş edýän Salah 375 duşuşykda 231 gol geçirdi. Ol bu möwsümde 26 duşuşykda 20 gezek tapawutlandy.

Related posts

Iň köp çykdajyly topar

Modriç Wlaşaçi teklip berýär

Germaniýa 12 ýyldan soňra pleý-off tapgyryna çykdy