DÜNÝÄ

50 ýyldan soňra gar ýagdy

Marokkoda soňky 50 ýylda ilkinji gezek gar ýagdy. Bu barada ýerli “Maghreb Arabe Press” teleýaýlymy habar berdi.

Marokkanyň Milli meteorologiýa merkezi çöl sebiti üçin adaty bolmadyk howa şertlerini Demirgazyk Ýewropadan aralaşan sowuk howanyň ep-esli akymy bilen baglanyşdyrýar.

Gar ýurduň günortasynda we günorta-gündogarynda birnäçe welaýaty öz içine aldy: Azilal, Beni-Mellal, Ifrane, Midelt, Tarudant, Tingir, Warzazat we Al-Hawz. Käbir ýerlerde gar örtüginiň beýikligi 35-40 santimetre ýetdi.

Daglyk ýerleriň käbir ýerlerinde howanyň temperaturasy -5 to çenli aşaklady.

 

Related posts

Wengriýada Türki Döwletleriň Guramasynyň resmi däl sammiti geçiriler

HHR-iň öňki Başlygy Szýan Szemin aradan çykdy

Türkmenistan bilen “Euronews” teleýaýlymynyň hyzmatdaşlygy

Ata Watan Eserleri