DÜNÝÄ

Azerbaýjanyň Türkmenistandaky ilçihanasynda hatyra kitaby açyldy

“Azerbaijan Airlines” awiakompaniýasynyň raýat uçarynyň heläkçilige uçramagy sebäpli Azerbaýjanyň Türkmenistandaky ilçihanasynda hatyra kitaby açyldy.

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Serdar Muhammetdurdyýew Azerbaýjanyň Türkmenistandaky ilçihanasyna baryp, Azerbaýjanda 26-njy dekabryň matam güni hökmünde yglan edilmegi sebäpli çuňňur gynanjyny bildirdi hem-de hatyra kitabyna ýazgy galdyrdy.

Azerbaýjanyň “Azertag” habarlar gullugynyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Azerbaýjanyň Türkmenistandaky ilçi Gismet Gozalowa “AZAL” awiakompaniýasynyň raýat uçarynyň heläkçilige uçramagy sebäpli türkmen tarapynyň çuňňur gynançyny bildirdi.

Şeýle hem ol doganlyk azerbaýjan halkyna şu agyr pursatda goldaw sözlerini beýan etdi.

Azerbaýjanyň Türkmenistandaky ilçihanasynda açylan hatyra kitabyna Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçisi Ahmet Demirok, Russiýanyň Aşgabatdaky ilçisi Iwan Wolynkin, ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçisi Elizabet Rud we beýleki daşary ýurtlaryň diplomatik wekilleri uçak heläkçiligi sebäpli çuňňur gynançlaryny beýan etdiler.

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Hindistan: atçylyk pudagyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň 25-nji gyşky mejlisine gatnaşdy

BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň Baş direktory bilen duşuşyk

Ata Watan Eserleri

FIFA Gazada 50 sany futbol stadionyny gurar

Tokaýew: Prezident Tramp adyndaky baýragy döretmegi teklip etdi

Mariýa Zaharowa: Merkezi Aziýa döwletleri Russiýanyň iň ýakyn hyzmatdaşy