Magtymguly Pyragy Ýer ýüzüniň halklaryna belent ruhly, sagdyn ahlakly, çuň many-mazmunly ajaýyp şygyrlary miras galdyran akyldar şahyrdyr. Häzirki döwürde bütin adamzat türkmen halkynyň beýik oglunyň hatyrasyny belentde tutup, söz ussadynyň şygyrlaryndan egsilmez ylham, ruhy güýç-kuwwat alýar. Magtymguly Pyragynyň ynsanperwerligiň, watansöýüjiligiň, ruhubelentligiň, agzybirligiň mukamy bolup ýaňlanýan ajaýyp eserleri her bir ynsanyň köňül nagşydyr, ýürek buýsanjydyr. Şoňa görä-de, nusgawy şahyryň şygryýet dünýäsine diňe bir türkmen halky däl, eýsem, Ýer ýüzüniň beýleki milletleri hem uly hormat goýýar. Bu ugurda Birleşen Milletler Guramasynyň, beýleki halkara we sebit guramalarynyň, Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürýän döwletleriň, beýik ynsanperwer şahyryň ajaýyp şygyrlarynyň teşnesi bolan adamlaryň Gündogaryň ajaýyp şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiligini halkara derejede giňden wagyz etmekde ýerine ýetirýän işleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň medeni mirasyny, asyrlardan gözbaş alýan ruhy gymmatlyklaryny dikeltmekde, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmekde, ony aýawly saklamakda, wagyz etmekde we geljek nesillere ýetirmekde, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen medeni gatnaşyklaryny ösdürmekde, medeniýetleri ýakynlaşdyrmakda we baýlaşdyrmakda, halklaryň arasynda dostlugy, hyzmatdaşlygy berkitmekde görkezen aýratyn hyzmatlary üçin, şeýle hem nusgawy türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, karar edýärin:
Şu daşary ýurt raýatlaryny Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamaly:
Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk geňeşiniň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça komitetiniň Ýerine ýetiriji direktoratynyň Ýerine ýetiriji direktory Natalýa Germany,
Russiýa Federasiýasynyň Ylymlar akademiýasynyň N.N.Mikluho-Maklaý adyndaky Etnologiýa we antropologiýa institutynyň esasy ylmy işgäri Nadežda Anatolýewna Dubowany,
Russiýa Federasiyasynyň Ylymlar akademiýasynyň Maddy medeniýetiň taryhy institutynyň direktorynyň orunbasary Natalýa Fýodorowna Solowýowany,
London uniwersitet kollejiniň Arheologiýa institutynyň professory Timothy Dawid Williamsy,
Ortaýer deňzi we Gündogar barlaglarynyň halkara assosiasiýasynyň (Italiýa) we Berliniň erkin uniwersitetiniň (Germaniýa) bilelikdäki taslamalarynyň ylmy ýolbaşçysy, professor Barbara Çerasettini,
Italiýa Respublikasynyň Turin şäheriniň Arheologik barlaglar we gazuw-agtaryş işleri baradaky merkeziniň direktory, professor Karlo Lippolisi,
Özbegistan Respublikasynyň «Ramz-film» kinostudiýasynyň direktory Muzaffarhon Erkin ogly Erkinowy,
Russiýa Federasiýasynyň Ylymlar akademiýasynyň Arheologiýa institutynyň esasy ylmy işgäri Wiktor Nikolaýewiç Pilipkony,
Russiýa Federasiýasynyň Bütindünýä tatar kongresiniň Ýerine ýetiriji komitetiniň ýerli taryhçylar bilen işlemek boýunça komitetiniň başlygy Albert Ahmetžanowiç Burhanowy,
Türkiýe Respublikasynyň Pamukkale uniwersitetiniň professory Soner Saglamy,
Gruziýanyň Ýazyjylar birleşmesiniň başlygy Makwala Gonaşwilini,
Ispaniýa Patyşalygynyň Ylym, innowasiýalar we uniwersitetler ministrliginiň innowasion ösüşler boýunça direktorynyň orunbasary Adolfo Fransisko Barrios Ruanony,
Kipr döwlet uniwersitetiniň professory Gülşen Sahatowna Sahatowany,
Birleşen Arap Emirlikleriniň Kasymiýýe uniwersitetiniň rektory Awad Husaýin Al Kalafy,
Rumyniýanyň Babeş-Bolýa uniwersitetiniň Türkologiýa merkeziniň başlygy Margareta Aslany.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.