JEMGYÝET

Bosniýa we Gersegowina Türkmenistana täze ilçi belledi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Bosniýa we Gersegowinanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Niýaz Çardakliýandan ynanç hatyny kabul etdi.

Milli Parlamentiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady. Şeýle hem iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça alyp barjak işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda Ilçi oňyn Bitaraplyk, deňhukuklylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan strategiýany yzygiderli durmuşa geçirýän Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, milli Parlamentiň düzümi hem-de dürli ulgamlarda amala aşyrylýan özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy.

Duşuşygyň dowamynda Bosniýa we Gersegowinanyň Ilçisi iki ýurduň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Ýene-de okaň

Kenan Çoban: türkmen myhmansöýerligine minnetdarys

Türkmenistanyň Mejlisinde 2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmaga bagyşlanan maslahat geçirildi

Türkmenistan Ýangy gala kanýonyny ÝUNESKO-nyň sanawyna hödürlär

TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň mejlisi

«Sanly çözgüt – 2024»: innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy

Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň ýeňijileri sylaglandy