DÜNÝÄ

Braziliýada “G20” sammiti geçirilýär

Braziliýanyň Rio-de-Janeýro şäherinde “G20” guramasynyň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň sammiti geçirilýär. Oňa dünýäniň 40 döwletinden ýokary derejeli wekiliýetler gatnaşýar. Bu barada Braziliýanyň Prezidenti Luis Inasiu Lula da Silwa habar berýär.

– Braziliýa 42 döwletden wekiliýet “G20” sammitine gatnaşýar. Sammitede garyplyga garşy göreşmek, energetika we beýleki möhüm ugurlarda hyzmatdaşlyklar ara alnyp maslahatlaşylar – diýip, Prezident belledi.

Braziliýanyň Prezidenti Luis Inasiu Lula da Silwa sammite gatnaşmaga gelen wekiliýet ýolbaşçylary bilen ikiçäk duşuşyklaryny geçirýär.

Sammite Hytaýyň Başlygy Si Szinpin, ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, Günorta Koreýanyň Prezidenti Ýun Sok Ýol, Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron we beýleki ýolbaşçylar gatnaşýar. Russiýa Federasiýasyna daşary işler ministri Sergeý Lawrow wekilçilik edýär.

Related posts

Japonya’dan Türkmenistan’a 80 kişilik heyet geldi

vepa

USAID WE EBRD pes uglerodly geljek üçin Memoranduma gol çekdiler

Magtymguly Pyragynyň heýkeli Rumyniýada dikeldiler