JEMGYÝET

Kapadokiýanyň asmanyna Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli 300 sany howa şary uçuryldy

2024-nji ýylyň 1-2-nji noýabrynda Türkiýäniň Kapadokiýa sebitinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli birnäçe çäreler geçirildi.

Şol sanda, 1-nji noýabrda Newşehir şäheriniň Söwda-senagat palatalar we biržalar birleşiginiň binasynda, Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň we Ýewraziýa ykdysady hyzmatdaşlyk birleşiginiň (EkoAwrasya) bilelikdäki Türkiýäniň işewirleriniň gatnaşmagynda «Türkmenistan we Türkiýe: ykdysady hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri» atly tegelek stol görnüşindäki duşuşygy geçirildi.

Geçirilen tegelek stol duşuşygyna Türkiýäniň dürli sebitlerinden 100-den gowyrak işewürler gatnaşdy, maslahatyň dowamynda iki döwletiň arasyndaky energetika, ulag-logistika, gurluşyk, maýa goýumlar we söwda gatnaşyklary ýaly ugurlardaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri boýunça özara pikir alyşyldy.

2-nji noýabrda Türkiýäniň dünýä meşhur Kapadokiýada sebitinde, beýik türkmen şahyry, filosofy we akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli, türkmen we türk baýdaklary we şahyryň foto görnüşleri bilen bezelen 300 sany howa şarlary asmana uçuryldy.

Ir säher bilen dabara gatnaşyjylar howa şarlarda «Göreme» milli syýahatçylyk seýilgähindäki Meskendir jülgesinden asmana galkdylar. Bir sagada golaý wagt dowam eden uçuşyň dowamynda howa şarlary Kapadokiýanyň meşhur we gözel ýerleriniň üstünden uçdular. Beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan howa festiwalynyň ahyrynda, geçirilen uçuş dabarasy «EkoAwrasya» birleşigi tarapyndan dünýäniň görnükli şahsyýetleriniň hormatyna ilkinji gezek howa festiwaly hökmünde hasaba alyndy. Bu barada türkmen tarapyna degişli şahadatnama gowşuryldy.

Geçirilen howa festiwaly, Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynyň ýene bir aýdyň subutnamasy bolup hem-de bu çäre Türkmenistanyň halkara medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň ösüşine goşýan goşandynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginiň nyşanyna öwrüldi.

Şeýle hem, geçirilen çäreleriň çäklerinde Kapadokiýanyň «Güraý» taryhy muzeýinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli surat sergisi geçirildi. Sergä gatnaşyjylar çäräniň dowamynda Türkmenistanyň medeni-taryhy, milliligi we Garaşsyzlyk ýyllarynda dürli pudaklarda gazanan üstünlikleri bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilikleri döretdi.

Mundan başga-da, Kapadokiýada geçirilen çäreleriň çäklerinde Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi M.Işangulýew sebitiň ýolbaşçylary bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi.

Şeýlelik bilen, Newşehir welaýatynyň häkimi Ali Fidan bilen geçirilen duşuşykda, taraplar söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we bilim ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmak ugurlary boýunça pikir alyşdylar.

Bularda başgada, türkmen wekiliýetiniň Newşehir şäheriniň häkimi Rasim Ary bilen duşuşygy hem geçirildi. Duşuşykda söhbetdeşler türkmen-türk gatnaşyklarynyň geljeginiň mümkinçiliklerini, şol sanda syýahatçylyk we şähergurluşyk ugurlardaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem, Newşehir şäherindäki Hajy Bektaş Weli uniwersitetinde Türkmenistanyň Ilçihanasynyň wekilleri bu ýokary okuw mekdebinde bilem alýan türkmen talyplary bilen duşuşygy geçirildiler, duşuşygyň ahyrynda ähli talyplara Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar-Watanyň daýanjy» atly türk diline terjime edilen kitaplary sowgat berildi.

 

Ýene-de okaň

“Ýewraziýa” kino festiwaly başlady: türkmen kinosy görkeziler

Türkmenistanyň tebigy gazyny Ýewropa ibermegiň ugurlary maslahatlaşyldy

Ata Watan Eserleri

“Galkynyş” gaz käninde tebigy gazyň täze akymy alnyp başlandy

ITTC-2024: halkara ulag forumy geçiriler

Aşgabatda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisine taýýarlyk görülýär

Türkmenistanda Täze ýyl baýramyna taýýarlyk görülýär