TEHNOLOGIÝA

“TikTok”-yň esaslandyryjysy Hytaýyň iň baý adamy boldy

“TikTok” jemgyýetçilik torunyň esaslandyryjysy we başlygy Çžan Imin 49,3 milliard dollar baýlygy bilen Hytaýyň baýlarynyň sanawynda birinji ýeri eýeledi. bu barada metbugat neşirleri habar berýär.

Hytaýyň “Douyin” wideoýazgylary paýlaýjy platformasy bilen onuň halkara görnüşi “TikTok” torunyň eýesi Çžan Imin baýlaryň sanawynda öňdebaryjylygy eýeledi. “Hurun” barlag institutynyň habaryna görä, hytaýly inženeriň baýlygy 49,3 milliard dollara deňdir.

Her iki meşhur jemgyýetçilik platformalar 2012-nji ýylda “ByteDance” kompaniýasynyň çäginde döredildi. 41 ýaşyndaky inžener Imin ilkinji gezek baýlaryň sanawynda birinji orna çykdy.

Mundan ozalky sanawyň öňbaşysy Jong Şanşan 47.9 milliardlyk baýlygy bilen ikinji, “WeChat” platformasyny döreden “Tencent” kompaniýasynyň başlygy Pony Ma Huating 44.4 milliardlyk baýlygy bilen üçünji orunda barýar.

Ýene-de okaň

Gresiýa 15 ýaşa ýetmedik çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan eder

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Türkiýede 5G döwri başlady

Türkmenistanda 5G we 4G+ torlaryny ýaýbaňlandyrmak üçin bäsleşik yglan edildi