BIZNES

Ykdysadyýet boýunça Nobel baýragynyň eýeleri belli boldy

Şwed milli banky ykdysadyýet boýunça Nobel baýragynyň 2024-nji ýylda ýeňijilerini mälim etdi. Bu baýraga amerikaly alymlar Daron Ajemogly, Saýmon Jonson hem-de Jeýms Robinson eýe boldy. Olar institutlaryň emele gelşi, şeýle hem olaryň maddy hal-ýagdaýa edýän täsiri boýunça ylmy işi alyp bardylar.

Baýragy berýän komitetiň metbugat beýannamasyna görä, üstümizdäki ýylda ykdysadyýet boýunça Nobel baýragyna eýe bolan alymlaryň ýurtlaryň öüşinde jemgyýetçilik institutlarynyň wajypdygyny açyp görkezdiler.

2023-nji ýylda bu baýraga Kladuiýa Goldin mynasyp boldy, 2022-nji ýylda ýene-de 3 sany amerikaly alym mynasyp bolup, olar hem banklar we maliýe çökgünlikler boýunça ylmy-barlag işini amala aşyrdylar.

Ykdysadyýet boýunça Nobel baýragy lukmançylyk we fiziologiýa, fizika, himiýa, edebiýat we parahatçylyk boýunça Nobel baýraklaryndan tapawutlylyk,da Alfred Nobeliň hut özi tarapyndan däl-de, Şwed milli banky tarapyndan 1968-nji ýylda döredildi. 1969-20024-nji ýyllar aralygynda bu baýrak 56-njy gezek gowşuryldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy täzelendi

2025-nji ýylda Türkmenistanda 76 milliarddan gowrak tebigy gaz öndürildi

Türkmenistan Eswatini Patyşalygyna SIM-kart we LED çyra eskport eder

«Türkmenhimiýa» döwlet konsernine täze ýolbaşçy bellenildi

Türkmenistan bilen Ýaponiýa ylmy tehnologiýa hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistan nemes işewürler jemgyýetçiligi bilen duşuşyga gatnaşdy