JEMGYÝET

Türkmenistanyň we Gazagystanyň Prezidentleriniň duşuşygy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen ýurdumyza gelen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy. Bu barada Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Belent mertebeli myhman köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin berk esas bolup hyzmat edýän yzygiderli ýokary derejeli duşuşyklaryň uly ähmiýet berýändigini aýtdy.

– Türkmenistan biziň üçin örän ýakyn ýurt, strategiki hyzmatdaş. Gazagystan, energetika, ulag, logistika, medeni we ynsanperwerlik gatnaşyklary bolsun, agzap geçen ähli ugurlarda Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşy bolandygyny we dowam edýändigini aýdasym gelýär. Türkmenistanyň halkara giňişligindäki bitarap derejesine uly hormat goýýarys. Türkmenistanyň sebitleýin we halkara howpsuzlygy üpjün etmekde örän uly goşant goşýandygyna ynanýarys. Ilki bilen BMG we beýleki halkara guramalarynyň çäginde birek-birege ýakyn hyzmatdaşlyga taýýardyrys “- diýip Gazak Lideri belledi. .

Türkmenistanyň Prezidenti hem öz gezeginde doganlyk Gazagystan bilen strategik hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny belledi.

Iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýäris. Energetika, ulag, söwda, oba hojalygy, ýokary tehnologiýalar ýaly ugurlarda bilelikdäki işlerimizi dowam etdirmäge taýýardyrys – diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belledi.

Ýene-de okaň

Özbegistanyň Prezidenti Aşgabatdaky halkara foruma gatnaşýar

Türkiýäniň Mejlisiniň başlygy Türkmenistana geldi

Türkmenistan bilen Gazagystan: 20 ylalaşyga gol çekildi

Gazak Lideri «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglandy

Türkmen halkynyň Milli Lideri we Gazak Lideri Abaýyň ýadygärligini açdylar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gazagystanyň Prezidenti bilen duşuşdy