SPORT

Ýurgen Kloppa täze wezipe berildi

Angliýanyň “Liwerpul” topary bilen uly üstünlikler gazanan german hünärmen Ýurgen Klopp “Red Bull” kompaniýasynyň futbol amallaryna ýolbaşçylyk eder. Bu barada “Sky Sports” neşiri habar berýär.

Tejribeli hünärmen 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda täze wezipesine girişer. Klopp “Red Bull” kompaniýasynyň Germaniýanyň “Leýpsig”, Awstriýanyň “Zalsburg” we Amerikanyň “Nýu-Ýork” toparlaryna maslahatlaryny berer.

Şeýle hem şertnamada ony wagtyndan öň ýatyrmak maddasyna hem orun berildi. Eger Klopp Germaniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine saýlanan halatynda bu wezipesini tabşyrar.

2015-2024-nji ýyllar aralygynda “Liwerpul” toparyna tälim beren Klopp bu topar bilen Angliýanyň çempiony boldy, ýurduň Kubogyny we Superkubogyny gazandy, Çempionlar ligasynyň we UEFA-nyň Superkubogyny eýeledi.

 

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatyna gatnaşjak Özbegistanyň futbol ýygyndysy swtoulag sowgat alar

Iordaniýa ilkinji gezek dünýä çempionatynda çykyş eder

Taryhy gün: Özbegistan futbol boýunça dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

Türkmen türgenleri halkara ýaryşlarda 349 medala mynasyp boldular

Türkmenistanyň futbol ýygyndysy Tailandyň milli ýygyndysy bilen duşuşar

“Inter” topary baş tälimçisi Simone Indzagi bilen hoşlaşdy