JEMGYÝET

Ýanwar-sentýabr: Türkmenistanyň Kanunlarynyň 23-si kabul edildi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň dokuz aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi hem-de öňde durýan wezipeler kesgitlenildi.

Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işler barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, geçen dokuz aýyň dowamynda Türkmenistanyň Kanunlarynyň 23-si, hususan-da, “Türkmenistanyň “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medalyny döretmek hakynda”, “Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda”, “Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda”, “Gidrometeorologiýa işi hakynda” Kanunlar, ýurdumyzyň daşary syýasat başlangyçlaryny hukuk taýdan goldamak bilen baglanyşykly başga-da birnäçe Kanunlar kabul edildi. Şeýle hem hereket edýän kanunlary Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň düzgünlerine, halkara hukugyň kadalaryna laýyk getirmek maksady bilen, Raýat, Maşgala, Býujet, Zähmet, Ilaty durmuş taýdan goramak, Sanitariýa kodekslerine we başga-da birnäçe kanunlara degişli üýtgetmeleridir goşmaçalary girizmek bilen baglanyşykly Kanunlar, Mejlisiň kararlarynyň 18-si kabul edildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileri üçin deputatlaryň gatnaşmagynda kanun çykaryjylyk işiniň döwrebap usullary we ýörelgeleri boýunça okuw sapaklary guraldy.

Ýylyň başyndan bäri daşary döwletleriň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileriniň 14-sinden ynanç hatlary kabul edildi. Daşary ýurtlaryň parlamentleri we halkara guramalar bilen gatnaşyklary pugtalandyrmagyň çäklerinde duşuşyklaryň 30-dan gowragy geçirildi.

Deputatlar kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek hem-de döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek meseleleri boýunça maslahatlaryň 91-sine gatnaşdylar. Kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak maksady bilen, daşary ýurtlara iş saparlarynyň 28-si guraldy.

Ýene-de okaň

TIF 2025: Türkmenistanyň ulag strategiýasy – iri taslamalar meýilleşdirilýär

Awaza-TIF-2025: möhüm ylalaşyklara gol çekildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Maýa goýum forumy başlady: 45 ýurtdan 800-den gowrak wekiliýet

Ýurdumyzyň daşary ýurtlarda işlemäge isleg bildirýän raýatlarynyň islegleri kanagatlandyrylar

Ata Watan Eserleri

Harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak barada Permana gol çekildi

Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk ýoly: parahatçylyga we durnuklylyga 30 ýyllyk ygrarlylyk

Ata Watan Eserleri