DÜNÝÄ

Germaniýa bilen Özbegistan 9 milliardlyk taslamalar taýýarlaýar

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri Olaf Şolsuň Merkezi Aziýa sapary başlandy. Federal Kansleri Olaf Şols Merkezi Aziýa saparynyň çäklerinde Özbegistanda we Gazagystanda saparda bolar.

Ol saparynyň ilkinji ýurdy bolan Özbegistanda ýokary derejedäki gepleşikler geçirdi. Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Federal Kansler Olaf Şolsy Samarkant şäherinde kabul etdi.

Geçen ýyl geçirilen duşuşykdan soňra ähli ugurlarda gatnaşyklaryň işjeňleşdirilendigi we 2023-nji ýylda söwda dolanyşygynyň 1 milliard ýewroden geçendigi bellenildi.

Şu ýylyň başyndan bäri Özbegistanyň ykdysadyýetine Germaniýanyň kompaniýalaryndan 800 million ýewro maýa goýumlar gelip gowuşdy.

Germaniýanyň iri kompaniýalary we banklary bilen umumy bahasy 9 milliard ýewrolyk taslamalar işlenip düzülýär. Olar “ýaşyl” energetika, himiýa, maşyngurluşyk, dokma senagaty, gurluşyk materiallarynyň önümçiligi we beýleki ugurlary öz içine alýar.

Şeýle hem “Siemens Energy” kompaniýasy bilen gaz-bug elektrik stansiýasy, “Linde” kompaniýasy bilen “ýaşyl” ammiak, “KfW Ipex-Bank” edarasynyň gatnaşmagynda iri mis ýataklaryny özleşdirmek, “AMK Global” bilen uglerod süýümlerini öndürmek, “Guesscon” kompaniýasy bilen wodorod önümçiligi ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyklar göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem ýokary derejedäki gepleşikleriň jemleri boýunça migrasiýa, weterinariýa we maldarçylyk, suw serişdelerini durnukly ulanmak, ulag, howanyň üýtgemegi ýaly ugurlarda 8 ylalaşyga gol çekildi.

Germaniýanyň Kansleri Özbegistandan soňra Gazagystana barar. Bu ýerde ertir, ýagny 17-nji sentýabrd “Merkezi Aziýa-Germaniýa” sammitiniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň duşuşygyna gatnaşdy

Türkmenistanyň ulag mümkinçilikleri Rumyniýada tanyşdyryldy

Russiýanyň daşary işler ministri Hazarýaka döwletleriň ilçileri bilen duşuşdy

Mongoliýanyň Prezidenti Türkmenistanda döwlet saparynda bolar

Türkmen wekiliýetiniň Awstriýa Respublikasyna amala aşyran sapary hakynda

Mottaki: Owganystan TOPH gaz geçirijisini durmuşa geçirmäge ygrarly