JEMGYÝET

TIF-2024: Türkmenistanyň ykdysady ösüşi 6.3 göterim derejede saklanýar

2023-nji ýylyň we 2024-nji ýylyň birinji ýarymynyň netijeleri boýunça, Türkmenistanyň ykdysady ösüşi 6.3 göterim derejede saklanýar we ol köp babatda haryt öndürýän pudaklaryň önümçiliklerini ýokarlandyrmak arkaly üpjün edilýär. Bu barada Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýew Türkmenistanyň Maýa goýumy forumynda eden çykyşynda belläp geçdi.

Şu gün Aşgabatda Türkmenistanyň Maýa goýumy forumy öz işini başlady. Forumyň “Türkmenistanyň ykdysady ösüşi we maýa goýum mümkinçilikleri” atly plenar mejlisinde maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýew Türkmenistanyň ykdysady ösüş mümkinçilikleri barada maglumat berdi.

– Türkmenistanyň iň möhüm wezipeleriniň biri hem senagatlaşan jemgyýeti döretmekdir. Şunuň bilen baglylykda, milli ykdysadyýeti düýpgöter özgertmek, ony çig mal modelden senagat-innowasion ösüş modeline gönükdirmek, ýokary tehnologiýaly, ylma esaslanýan pudaklary ornaşdyrmak, sanly ykdysadyýete geçmek bilen bir hatarda dünýä bazarlarynda köp isleg bildirilýän ýokary goşulan gymmaty bolan önümleri öndürýän häzirki zaman kärhanalarynyň gurluşygyny amala aşyrmak işleri ýerine ýetirilýär – diýip, ministr belläp geçdi.

Maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýew 2023-nji ýylyň ahyrynda senagatyň jemi içerki önümdäki paýy 33.1 göterime deň bolup, soňky 2 ýylda 3.8 göterim derejesinde ýokarlanandygyny aýtdy.

Mundna başga-da, maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýew Türkmenistanda sirkulýar ykdysadyýetiň milli modelini döretmek ugrunda degişli işleriň alnyp barylýandygyny belledi.

Şeýle hem bu mejlisde çykyş eden Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarow 2024-nji ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň 6,3 göterim ösüş görkezip, öňde goýlan maksatlara we wezipelere üstünlikli ýetýändigini belledi.

Rahymberdi Jepbarow bu döwürde daşary söwdanyň dolanyşygy 9,9 milliard dollardan gowrak bolandygyny, şol sanda söwda balansynyň oňyn tapawudynyň 2 milliard 973 million dollara deň bolandygyny belläp geçdi.

 

Ýene-de okaň

2025-nji ýyla at bermek hem-de nyşanyny kesgitlemek boýunça degişli teklipler taýýarlanar

Türkmenistanyň Prezidenti nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmagy tabşyrdy

Ýanwar-oktýabr aýlary: Türkmenistanyň Kanunlarynyň 23-si kabul edildi

Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

BMG Türkmenistanyň raýatsyzlygy aradan aýyrmak işine ýokary baha berdi

Ata Watan Eserleri

ITTC-2024: ulag we logistika pudagynda global hyzmatdaşlyk üçin möhüm meýdança