MEDENIÝET

Türkmenistanly sazandalar Özbegistandaky festiwalda birinji orny eýeledi

Özbegistanyň Samarkant şäherinde «Şark taronalari» («Gündogaryň mukamlary») atly XIII Halkara festiwaly geçirildi. Ol Merkezi Aziýanyň iri festiwallarynyň biri bolup, ÝUNESKO-nyň howandarlygynda geçýär hem-de öz meýdançasynda dünýäniň 70-den gowrak ýurtlaryndan ussatlary bir ýere jemledi.

Golaýda bu festiwalyň ýapylyş dabarasy geçirildi. Onda Türkmenistana wekilçilik eden sungat ussatlary birinji orna mynasyp boldy. Türkmen sungat ussatlaryna 5 müň dollar pul baýragy hem-de degişli diplomlar hem-de şahadtanamalar gowşuryldy.

Festiwalda biziň ýurdumyza M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlary Saparmyrat Amanmyradow (gyjak), Türkmenistanyň at gazanan artisti, halk saz gurallary orkestriniň ýolbaşçysy Omar Igamow hem-de TMK-nyň 4-nji ýyl talyby Allamyrat Muhammetgulyýew (gargy tüýdük) wekilçilik etdiler.

Festiwalyň Gran-Pri baýragyna bolsa, Azerbaýjanyň “Semurg” aýdym-saz topary mynasyp bolup, bu topara 10 müň dollar pul baýragy gowşuryldy.

Ikinji orny Gazagystanyň “Atameken” saz topary, “Maqom Band” topary hem-de Özbegistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň milli nusgawy ansambly eýeledi. Olaryň her birine 3,5 müň dollar pul baýragy berildi.

Festiwalyň 3-nji ornuna mongol aýdymçy Batbaýar Batnýamu, ýapon solist Maşu Kamadzaki we Russiýanyň “Demirgazyk hor” saz topary mynasyp boldy. Bu sungat ussatlaryna hem 2 müň dollar pul baýragy gowşuryldy.

 

Ýene-de okaň

Aşgabatda Koreý medeniýetiniň günleri geçirildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Ýewropa Bileleşiginiň medeniýet hepdeligi

Gruziýada türkmen kinosynyň günleri geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň çeper filmleri XVII «Ýewraziýa» halkara film festiwalynda görkeziler

Türkmenabatda bilelikdäki türkmen-özbek konserti geçirildi

“Gladiator 2” ilkinji hepdesinde rekord goýdy