PEÝDALY MASLAHAT

Sürüjilik kurslaryna e.gov.tm ýazylmak mümkinçiligi

Türkmenistanda sürüjilik şahadatnamasyny almak üçin kurslara e.gov.tm döwlet hyzmatlar portaly arkaly onlaýn ýazylmak mümkinçiligi döredilendir. Bu hyzmat raýatlara öýden çykmаzdan, isleýän kategoriýasyny saýlamaga, zerur maglumatlary doldurmaga we okuw üçin töleg etmäge mümkinçilik berýär.

Ýazgy e.gov.tm portalyndaky “Awtomobil mekdepleriniň birleşigi” bölüminde elýeterlidir.

Ulanyjylar sürüjilik şahadatnamasynyň bäş kategoriýalarynyň birini saýlap bilerler: B, BC, C, D ýa-da E. Okuw bahasy saýlanan kategoriýa we kursuň dowamlylygyna baglylykda üýtgeýär.
Töleg “Altyn Asyr” ulgamynyň bank kartlary bilen amala aşyrylýar:
B – 2,5 aý – 140 sagat – 580 TMT
B-C – 3,5 aý – 200 sagat – 748 TMT
C – 1,5 aý – 116 sagat 482 TMT
D – 2 aý – 100 sagat 440 TMT
E – 1,5 aý – 60 sagat 390 TMT.
Kurslara ýazylmak üçin pasportyň nusgasy, lukmançylyk kepilnamasy we suratlar ýaly birnäçe resminamalary ibermek zerurdyr.

Portal bu resminamalary elektron görnüşde ýüklemäge mümkinçilik berýär, bu bolsa amaly ep-esli ýeňilleşdirýär: e.gov.tm/service/awtomekdep 

Ýene-de okaň

Aşgabat-Daşoguz awtomobil ýoly boýunça halkara bäsleşik yglan edildi

Türkmenistanda 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň temmäki önümlerini ulanmagy üçin ene-atalara jerime salnar

Türkmenistanda möhleti tamamlanan sürüjilik şahadatnamasy üçin jerimeler artdyryldy

«Türkmenpoçta» kompaniýasynyň täze binasy üçin bäsleşik yglan edildi

Aşgabat-Türkmenabat täze awtobus gatnawy ýokary tizlikli awtoýol arkaly amala aşyrylar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy hünärmenleri işe çagyrýar

Ata Watan Eserleri