TEHNOLOGIÝA

Gazagystan bilen Hytaý Aýda stansiýa gurar

Gazagystan bilen Hytaý Aý giňişliginde bilelikde stansiýa gurmagy meýilleşdirýär. Aýda bilelikdäki ylmy-barlag bazasyny döretmek babatda degişli ähtnama gol çekildi.

Gazagystanyň Sanly ösüş, innowasiýa we aerokosmos senagaty ministrliginiň habar bermegine görä, Gazagystan bilen Hytaý halkara Aý ylmy stansiýasyny döretmek we ulanmak boýunça hyzmatdaşlyk eder.

Gol çekilen resminama laýyklykda, taraplar bilelikdäki barlaglary geçirmek, tejribe alyşmak, şeýle hem kosmos tehnikasy we ylmy boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda bilelikde iş alyp bararlar.

 

Related posts

Ärdogan Masky Türkiýede zawod gurmaga çagyrdy

Ata Watan Eserleri

“Teknofest” awiasiýa, kosmos we tehnologiýa festiwaly geçirilýär

“Microsoft”: ulanyjylara açarsyz girmäge rugsat berer