DÜNÝÄ

Tailand täze Premýer-ministrini saýlady

Tailandyň täze hökümet baştutany wezipesine 37 ýaşly Petongtarn Çinawat saýlandy. Ol ýurduň ozalky Premýer-ministri Taksin Çinawatyň gyzydyr.

Petongtarn Tailandyň 2-nji zenan hökümet baştutany bolup, häzirki wagta çenli Tailand Patyşalygynyň iň ýaş ýolbaşçysydyr.

Petongtarn Çinawat öz maşgalasynda hökümet baştutany wezipesine saýlanan 3-nji wekil boldy. Onuň kakasy Taksin Çinawat 2001-2006-njy ýyllarda, onuň daýzasy Ýinglak 2011-2014-nji ýyllarda Tailand Patyşalygynyň Premýer-ministri boldy.

 

Related posts

Azerbaýjanyň ilçisi: doganlyk gatnaşyklary ösdürmek üçin tagalla ederin

Italiýanyň Premýer-ministri Özbegistanda resmi saparda boldy

Türkmenistanda täze agentlik döredildi

Ata Watan Eserleri