BIZNES

Baýlaryň sanawynda ilkinji 3 orny amerikalylar eýeledi

Fransiýanyň “LVMH” kompaniýasynyň eýesi Bernar Arno dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda ilkinji 3-lige girip bilmedi. Bu barada “Bloomberg” agentliginiň täze sanawynda bellenilip geçilýär.

“Bloomberg Billionaires Index” sanawynda görä, fransuz kompaniýasy paýnamalarynyň bahasy esasynda baýlaryň sanawynda 4-nji orny eýeledi.

Dünýäniň baýlarynyň ilkinji 3-liginde amerikaly işewürler orun aldy. 235 milliard dollarlyk emlägi bilen Ilan Mask birinji orunda, “Amazon” onlaýn söwda platformasynyň eýesi Jeff Bezos 193 milliardlyk emlägi bilen ikinji orunda durýar. Üçünji orunda bolsa, “Meta” korporasiýasynyň eýesi Mark sukerberg barýar. Onuň emlägi 188 milliard dollara deň boldy.

Fransiýaly Arno bolsa, 184 milliard dollarlyk emlägi bilen 4-nji orunda barýar. Şeýle hem Arno ilkinji onlukda orun alan ýeke-täk amerikaly däl işewürdir.

Şeýle hem täze sanawdaky maglumata görä, Bezos 2024-nji ýylda 23 milliard dollar gazandy, Maks bolsa, 31 milliard dollar ýitirdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Hytaýa Garlyk käninde bilelikde iş alyp barmagy teklip etdi

Türkmen dizaýnerleri ÝB bazaryna çykmagyň mümkinçiliklerini öwrenýärler

Lebap welaýatynyň ykdysadyýeti 2026-njy ýylyň 3 aýynda ýokary ösüş depginini görkezdi

Şu ýyl Lebap welaýatynda 8 desganyň açylmagyna garaşylýar

Farap etrabynda täze söwda bazary gurlar

«Şabat» türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezinde söwda dolanyşygy ýokarlanýar