DÜNÝÄ

BAE-niň iň ýokary derejeli wekiliýeti Aşgabada geler

Türkmen tarapynyň başlangyjy bilen, 2024-nji ýylyň 12-nji awgustynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Ilçisi S.Garajaýew bilen BAE-niň Döwlet ministri Halifa Şahin Almararyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyk wagtynda Ilçi Türkmenistanyň we BAE-niň arasyndaky işjeň ösýän gatnaşyklary nygtap, energiýa, söwda we maýa goýum ýaly dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy belläp geçdi.

Şeýle hem medeni alyş-çalyş we ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar bar bolan başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin özara taýýarlyklaryny bildirdiler we degişli ministrlikler bilen bu meseleleri has jikme-jik ara alyp maslahatlaşmak barada ylalaşdylar.

Taraplar şeýle hem iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň, dürli ministrlikleriň wekilleriniň arasynda göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyklary guramaklygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ilçi şeýle hem emirat tarapy bilen 2024-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan Halkara forumyna BAE-niň iň ýokary derejede wekiliýetiniň gatnaşmagynyň mümkinçiligini agzady hem-de bu wakanyň ähmiýetini nygtady. Döwlet ministri Halifa Şahin Almarar BAE-niň Daşary işler ministrliginiň BAE-niň Prezidentiniň Diwany bilen bilelikde bu mesele boýunça iş alyp barýandygyny mälim etdi.

Taraplar düşünişmek ýagdaýda geçen gepleşikler üçin öz minnetdarlyklaryny bildirdiler we dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy dowam etdirmek barada ylalaşdylar.

Ýene-de okaň

Ilçi Gismat Gozalow Türkmenistanda “WUF13” çäresiniň ähmiýeti barada çykyş etdi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Marlen Mamataliýew bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Maulen Aşimbaýew bilen duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Täjigistanyň Namoýandagon Majlisiniň Başlygy bilen duşuşdy

Kasymaliýew Türkmenistanda: Gyrgyzystanyň GDA ýurtlary bilen haryt dolanyşygy 7 milliard dollardan geçdi

Ali Asadow: GDA-nyň ynsanperwer başlangyçlaryna ýokary baha berdi