JEMGYÝET

Merkezi Aziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi

Şu gün Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy Konsultatiw duşuşygynyň öňüsyrasynda bu ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow gatnaşdy.

Gazagystanyň wise-premýeri, daşary işler ministri Murat Nurtleu duşuşygy açmak bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň nobatdaky duşuşygynyň uly üstünliklere beslenjekdigini belledi.

Bu duşuşygyň bäştaraplaýyn hyzmatdaşlyga sebit ýurtlarynyň ygrarly bolup galýandygynyň nobatdaky subutnamasydygyny bellän Murat Nurtleu Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynyň geçirilip başlanan gününden bäri sebitiň jemi içerki önüminiň möçberi 450 milliard dollara barabar bolandygyny, özara söwdada durnukly ösüşiň gazanylandygyny belledi.

Onuň bellemegine görä, soňky 5 ýylda bu görkeziji 80 göterim artyp, 11 milliard dollara barabar boldy.

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygy bilen bir hatarda dürli ministrleriň, parlament ýolbaşçylarynyň, zenanlar dialogynyň ýola goýlandygy bellenildi.

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň nobatdaky Konsultatiw duşuşygynda “Merkezi Aziýa-2040” sebit korporasiýaysny ösdürmek hakyndaky Strategiýa gol çekilmeginiň mundan beýläk-de sebit hyzmatdaşlygyny has ýokary derejelere çykarjakdygy bellenilip geçildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Kuweýt Döwletine ilçi belledi

Tegelek stol: Türkmenistan we Gruziýa – ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri

Türkmenistan Hazar deňziniň ekologiýasy boýunça ýokary derejeli duşuşygy meýilleşdirýär

Türkmen atşynaslary «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ada eýe boldular

Haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde Arkadag şäherinde daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen mekdep döwrebaplaşdyrylýar

Derýa Soýsal: “Makul iňlisçe we türkmençe” nakyllar kitaby medeni hyzmatdaşlygyň köprüsi