SPORT

16 ýyllyk arzuwy hasyl boldy – Nowak Olimpiýa çempiony

Serbiýaly tennisçi Nowak Jokowiç 16 ýyllyk arzuwyna ýetdi. Ol 4 gezek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyp, erkeklerde ýekelikde Olimpiýa çempiony bolmandy. Bu gezek, ýagny Pariž Olimpiadasynda serbiýaly tennisçi Nowak Jokowiç güýçli ispan garşydaşy Karlos Alkarasy ýeňmegi başardy.

37 ýaşyndaky serbiýaly tennisçi “Uly tuwulga” ýaryşlarynda 24 gezek çmepion boldy. Ýöne oňa Olimpiýa oýunlarynda çempion bolmak başartmandy. Ol mundan ozalky 4 Olimpiýa oýunlarynda 2008-nji ýylda Pekin Olimpiadasynda bürünç medal gazanypdy.

Serbiýaly tennisçi Nowak Jokowiçe Olimpiýa çempiony bolmak ýeňil düşmedi. Onuň ispan garşydaşy Karlos Alkaraz 2 aý mundan ozal, “Rolan Garros” ýaryşynda Nowak Jokowiçi ýeňipdi.

Olimpiýa oýunlarynda ynamly oýun görkezen serbiýaly tennisçi 2 sagat 52 minut dowam eden duşuşykda ispan bäsdeşini 7-6, 7-6 netijeler bilen ýeňip, altyn medal gazandy hem-de 1988-nji ýyldan bäri Olimpiýa çempiony bolan iň ýaşy uly tennisçi boldy.

Şeýle hem Nowak Jokowiç 4 sany uly tennis ýaryşynda çempion bolan we Olimpiýa oýunlarynda altyn medal gazanan 5-nji tennisçi boldy. Mundan ozal, şeýle görkezijä Andre Agassi, Şteffi Graf, Rafael Nadal we Serena Uilýams mynasyp bolupdy.

Ýene-de okaň

Messi Ispaniýanyň futbol klubynyň täze eýesi boldy

Döwletjan Ýagşymyradow: göreş — meniň durmuşym

Döwletjan Ýagşymyradow şu agşam tutluşyga çykar

Ata Watan Eserleri

Meşhur futbolçy Hristo Stoiçkow Aşgabatda öz tejribesini paýlaşdy

Awstraliýaly türgen Useýn Boltuň 20 ýyllyk rekordyny täzeledi

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy