JEMGYÝET

Türkmenistanyň we Türkiýäniň daşary işler ministrleriniň Tährandaky duşuşygy

Mälim bolşy ýaly,  wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran toparynyň türkmen tarapynyň başlygy R.Meredow hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Eýran Yslam Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy hem-de bu ýerde Eýran Yslam Respublikasynyň täze saýlanan Prezidenti Masud Pezeşkianyň wezipä girişmek dabarasyna gatnaşdy.

Eýran Yslam Respublikasynyň täze saýlanan Prezidenti Masud Pezeşkianyň wezipä girişmek dabarasyna Türkiýe Respublikasyna wekilçilik edip, bu ýurduň daşary işler ministri Hakan Fidan gatnaşdy.

Tährandaky dabaralaryň çäklerinde Türkmenistanyň we Türkiýäniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkiýäniň daşary syýasat edarasy habar berýär.

Habarda bellenilip geçilişi ýaly, daşary işler ministri Hakan Fidan wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow hem-de Yragyň Kurdistan sebitiniň ýolbaşçysy Neçirwan Barzani bilen ikiçäk duşuşyklar geçirdi.

Türkmenistanyň we Türkiýäniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de sebitdäki ýagdaýlar boýunça pikir alşyldy.

Ýene-de okaň

Mukamlar köşgünde 2026-njy ýylda geçiriljek baýramçylyk çärelerine bagyşlanan dabaraly mejlis geçirildi

Fransiýanyň ýygyndysy dünýä çempionatlarynda 150 gol geçiren 4-nji topar boldy

Daşoguzda pagta egriji fabriginde täze önümçilik desgasy açyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Donald Trampy gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri merhum Lider Aýatolla Hameneýiniň matam çäresine gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Yslam Şurasynyň Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy