Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň ýolbaşçylarynyň ADNOC (Birleşen Arap Emirlikleri) we Hyundai Engineering Co. Ltd. (Koreýa Respublikasy) kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen nobatdaky duşuşyklary geçirildi.
ADNOC kompaniýasynyň uly wise-prezidenti jenap Abdulla Al Şamsiniň baştutanlygynda kompaniýanyň wekiliýeti bilen geçirilen gepleşikleriň dowamynda «Galkynyş» gaz käniniň üçünji tapgyryny özleşdirmegiň taslamasyny durmuşa geçirmek bilen bagly meseleleriň giň toplumy ara alyp maslahatlaşyldy.
Hususan-da, «Galkynyş» gaz käninde bilelikdäki işiň anyk ugurlaryny we ölçeglerini kesgitlän möhüm resminamalara gol çekildi. Häzirki döwürde gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmek işjeň ýagdaýda alnyp barylýar. Taraplar «Galkynyş» känini özleşdirmegiň taslamasynyň hukuk, täjirçilik, maýa goýum, maliýe, tehniki we düzüm böleklerine jikme-jik seredýärler. Şeýle meýilnamalary durmuşa geçirmegiň «Türkmenistan–Owganystan–Päkistan–Hindistan» (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasyny amala aşyrmak bilen gönüden-göni baglydygyny bellemek zerurdyr.
Gepleşikleriň häzirki tapgyrynyň aýratynlyklarynyň biri ADNOC kompaniýasy tarapyndan Gazagystanyň nebitgaz kompaniýalary bilen bilelikde işlemäge taýýarlygyň beýan edilmegi boldy. Şonuň bilen birlikde, türkmen tarapynyň Türkmenistanyň iri möçberli halkara gaz taslamalaryny amala aşyrmaga goňşy döwletleriň ykdysady düzümleriniň gatnaşmagyny goldaýandygyny birnäçe gezek beýan edendigine üns bermek zerurdyr.
